Counter-Strike 2 uly täzelenme aldy

  • 27.05.2024 16:07
  • 6.8k+

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Valve kompaniýasy Counter-Strike 2 üçin birnäçe üýtgeşmeleri, şeýle-de skinleri kärendesine almagyň täze mehanikasyny hödürleýän täzelenmäni çykardy. Bu barada “Çempionat” portaly ýazýar.

Täzelenen Vertigo: Vertigo kartasy, aýratynam, A nokadyna çykyş böleginde uly üýtgeşmelere sezewar boldy.
Ýarag üýtgeşmeleri: M4A4-üň bahasy 3000 dollara çenli pese düşürildi, ýandyryjy granatlar bolsa indi 500 dollara durýar. Şonuň bilen birlikde, bombanyň zyýansyzlandyrylmagy üçin baýrak 800 dollardan 600 dollara çenli azaldyldy.
Skinleriň kärendesi: oýunçylar indi Kilowatt Collection keýsinden skinleri kärendesine alyp bilerler. Keýs açar bilen açylanda toplumdaky ähli ýaraglar bir hepdelik elýeterli bolar.
Düzedişler we täzelenmeler: ýokardakylardan başga-da, patç birnäçe näsazlygy düzedip, oýundaky animasiýalary täzeleýär.

düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......