Italiýa Yzzat Gylyjowyň gözi bilen: suratkeşiň Italiýa bagyşlanan eserleriniň sergisi geçirilýär

  • 26.05.2024 20:34
  • 7.8k+

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň eserleriniň sergisi açyldy we türkmen suratkeşiniň Italiýa eden sapary wagtynda alan täsirleri barada gürrüň berildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşirinde habar berilýär.

Bu sergini guramak pikiri, Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luidji Ferrara degişlidir. Meşhur türkmen suratkeşiniň Italiýa iki gezek döredijilik saparyna gidendigini we onuň gyzlarynyň maşgala arhiwinde bu tema degişli 38 suratyň we 15 eskiziň bardygy eşidilen badyna bu sergini guramak pikiri döredi.
Serginiň açylyş dabarasynda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi ýurdumyzyň Hökümetine we bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşan her bir adama, şeýle hem suratkeşiň gyzy Maral Gylyjowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Ilçi bu işiň, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini aýtdy. Yzzat Gylyjow 1969-njy ýylda ilkinji gezek Italiýa barypdyr.
​​​​​​​Şäherleri muzeýlere öwürýän Gün, howa, gadymy binagärlik - bularyň hemmesi 46 ýaşly türkmen suratkeşine ajaýyp täsir edipdir.

 


07.02.2026 10:47
11k+

Türkmen modelýeri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa Er-Riýadda fransuz kutýurýesi bilen bilelikdäki toplumyny görkezdi

Türkmen dizaýneri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 4-nji we 8-nji fewral aralygynda geçirilýän «Oriental Fashion Show» çäresiniň çäklerinde fransuz kutýurýesi Klod Patrik bilen bilelikde taýýarlan lybas toplumyny görkezdi...

06.02.2026 19:41
3.5k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...

25.12.2025 13:04
6.6k+

«Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamalarynyň dizaýny BIEG-niň iň gowy dizaýnlarynyň sanawyna girdi

Türkmenistanyň HASAR kompaniýasynyň «Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamasynyň dizaýny Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) ýubileý neşirine goşuldy. Bu neşir Gaaga ylalaşygynyň 100 ýyllygyna...

19.05.2025 22:42
5k+

Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer

«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler...