Uzak ýaşly guş: Angliýada 70 ýaşly flamingo ilkinji gezek ýumurtga guzlady

  • 26.05.2024 20:55
  • 9.7k+

Angliýanyň Norfolk şäherindäki Penstorp goraghanasynda Gertrude atly 70 ýaşly flamingo ömründe ilkinji gezek ýumurtga guzlady. Bu waka bellärliklidir, çünki adatça onuň görnüşiniň wekilleri 40 ýyldan köp ýaşamaýar.

Penstorpda öz görnüşiniň beýleki 65 wekili bilen bile ýaşaýan Gertrude köp ýyllardan bäri taýyny tapyp bilmänsoň, oňa bireýýäm "söýgüde şormaňlaý" lakamyny dakypdylar.

Goraghananyň dolandyryjy müdiri Bena Marşal: "Flamingolar 40 ýyl ýaşap bilýär, Gertrude bolsa 70 ýaşynda, şonuň üçin onuň şeýle garry çagynda ene bolmagy haýran galdyryjy" – diýip teswir berdi.

Şeýle-de bolsa, hünärmenler ýumurtga, gynansak-da, tohumlandyrylmadyk we ondan jüýje çykmaz diýip çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, goraghananyň işgärleri ýalňyz guşuň enelik instinktlerini görkezmäge pursat tapandygyna begenýärler.
Şol bir wagtyň özünde Penstorpda täze köpelişe garaşylýar: sürüdäki beýleki flamingolar hem ýumurtga guzlady. Jüýjeler birnäçe hepdeden çykmaly.

"Täze etenelere hemişe seresaplylyk bilen çemeleşýän Gertrudeniň geljekki jüýjelere ajaýyp daýza we eneke boljakdygyna ynanýarys" – diýip, goraghananyň gözegçileri bellediler.


04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......