Toyota Dakarda gazanan 10 ýeňşiniň hormatyna "Land Cruiser 300-iň" çäkli tapgyryny çykardy

  • 26.05.2024 20:40
  • 15k+

“Dakar” rallisinde yzly-yzyna gazanan 10-njy ýeňşiniň hormatyna Toyota Birleşen Arap Emirliklerinde Land Cruiser 300 – 10th Victory Edition-iň täze çäkli görnüşini hödürledi diýip, Carscoops ýazýar.

Awtoulag ýörişe gatnaşýanlaryň neslindendigini nygtaýan aýratyn dizaýny aldy. Korpusy ak reňke boýalan, ýöne radiator gözenegi, 18 dýuýmlyk teker diskalary we başga-da birnäçe elementleri gara reňkde. Şeýle hem, korpusynda Land Cruiser-iň awtoulag sportunda gazanan ýeňişlerini ýatladýan nakleýkalary bar.
Dakarda ýeňiji bolan Land Cruiser GR Sport-dan tapawutlylykda, 10th Victory Edition neşiri 415 at güýjüni ösdürýän 3,5 litrlik turbo V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Kuwwat 10 tizlikli awtomatiki geçiriş we ähli tigri hereketli edýän ulgam arkaly dört tigriň hemmesine geçirilýär.
Land Cruiser 10th Victory Edition-iň salony adaty modeliňki ýaly, üýtgewsiz galýar: 9 dýuým ekranly media ulgamy, üç zolakly howa gözegçiligi, deri rul we ş.m..
BAE-de Land Cruiser 10th Victory Edition-iň bahasy 319 900 dirhem (87 095 dollar). Bu Black Edition komplektasiýasynyň bahasy bilen deňeçer we şol bir bazarda 412 900 dirhem (112 415 dollar) bahasy bolan Land Cruiser GR Sport-dan arzan.
Toyota-nyň umumy hasapda däl-de, seriýalaýyn çykýan awtoulaglar kategoriýasynda yzly-yzyna 10 ýeňiş gazanandygyny bellemelidiris.


şu gün 09:57
3.3k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

düýn 23:53
2.1k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......