Neuralink-iň ysmazly hassasy oturdylan çipiň öz durmuşyny näderejede üýtgedendigini gürrüň berdi

  • 25.05.2024 23:32
  • 8.5k+

Oňurgasyna şikes ýeteni sebäpli ysmazlykdan ejir çekýän 30 ýaşly Noland Arbo Neuralink implantyny alan ilkinji adam boldy. Ol žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde bu innowasiýa tehnologiýasynyň durmuşyny näderejede üýtgedendigini düşündirdi.

"Ertiriň haýyrly, Amerika-da" geçirilen söhbetdeşligiň wideosyny kompaniýanyň esaslandyryjysy Ilon Mask X sosial ulgamyndaky blogynda çap etdi.

Arbo: "Meniň üçin irden turmagyň manysy ýokdy we bu (çipiň oturdylmagy) ýagdaýy düýpgöter üýtgetdi" – diýip boýun alýar.
Ýanwar aýynda oturdylan implant pikiriň güýji bilen kompýuteri doly diýen ýaly dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ondan öň muny etmek üçin dişleriniň arasyna gysylan stilusy ulanmaly bolýardy.
Operasiýadan soňky ilkinji hepde üstünlige beslendi. Arbo ertesi gün keselhanadan boşadyldy we täze endikleri özleşdirip başlady. Ol syçanyň kursoryny dolandyrmagy we “Küşt”, “Mario Kart” we “Civilization VI” oýnamagy öwrendi.
Şeýle-de bolsa, birnäçe hepdeden soň, implantyň käbir elektrodlary hatardan çykyp başlady we onuň netijeliligini peseltdi. Neuralink-iň inženerleri enjamy aýyrmagyň mümkinçiliklerine seredip ugradylar.

“Men howsala düşdüm. Başaryp bilýän ajaýyp zatlarymdan ýüz öwürmek gaty kyn boljakdy "-diýip, Arbo gürrüň berýär.

Netijede, kompaniýanyň hünärmenleri az sanly elektrod bilen öndürijiligi ýokarlandyryp, implantyň işini gowulandyrmagy başardylar.
Kynçylyklara garamazdan, Neuralink tehnologiýasynyň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Kompaniýa kwadriplegiýa ýa-da amiotrofik gapdal sklerozly adamlaryň gatnaşyp biljek kliniki synagy üçin ikinji hassany gözleýär.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...