Ýaponiýa perowskitden çeýe gün panellerini köpçülikleýin öndürip başlar

  • 25.05.2024 23:15
  • 3.7k+

Ýaponiýa öňdebaryjy gün tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak üçin möhüm ädim ädýär. Toshiba, Sekisui Chemical we Panasonic ýaly ýurduň iň uly kompaniýalary döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlykda köpçülikleýin önümçilige, çeýe gün panellerini öňe sürmeklige we ulanmaga gönükdirilen konsorsium döredýärler.

TASS-yň habar bermegine görä, innowasiýa önümi perowskit diýlip atlandyrylýan, geljegi uly mineraldan öndüriler.
Täze birleşige hususy we döwlet pudaklaryndan, takmynan, 150 agzanyň girmegine garaşylýar. Olaryň arasynda Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Panasonic Holdings, Aisin, Kaneka, şeýle hem Ýaponiýanyň esasy demirýol operatory bolan  Japan Railways bar.
Adaty fotoelektrik modullaryndan birnäçe artykmaçlygy bolan perowskit panelleriniň ulanylmagy 2040-njy ýyla çenli ýurduň täzelenen energiýa üpjünçiligi strategiýasynyň esasy bölekleriniň birine öwrüler.
Çeýe perowskit gün panelleriniň esasy artykmaçlygy olary gaty modullary ulanmak maksada laýyk däl ýa-da mümkin bolmadyk ýerlerde, ýagny diwarlara we penjirelere gurnap bolýar. Mundan başga-da, onuň energiýa öwrülişiniň netijeliligi we çydamlylygy boýunça özüne meňzeşleriň aglabasyndan has ýokarydyr.
Kremniý gün paneli bazarynda Hytaýyň öňdebaryjy hasaplanýandygyny bellemelidiris, ol bu önümleriň global üpjünçilik zynjyrynyň 80% -den gowragyna gözegçilik edýär. Täze çözgüt, belki-de, Ýaponiýa ýagdaýy üýtgetmäge kömek edip biler.


şu gün 10:53
796

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....