Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly türk işewürleri bilen duşuşdy

  • 25.05.2024 09:17
  • 6.2k+

24-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly M.Öwezow Türki Dünýäsiniň işewürleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Stambuldaky diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin baý we oňyn hyzmatdaşlyk tejribesiniň toplanandygyny nygtadylar.
Şeýle hem taraplar ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty pudaklary, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda täze mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.
Mundan başga-da, häzirki wagtda ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylýandygy we olaryň özara bähbitli gatnaşyklara şaýatlyk edýändigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan, Türki Dünýäsiniň işewürleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) wekilleri Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak isleýän türkmen ýaşlary üçin hem ähli şertleriň bardygyny bellediler.


03.06.2026 15:06
3.8k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

22.05.2026 14:27
5.1k+

Türkiýede öte baýlaryň sany 5 ýylda iki esse artdy

Soňky bäş ýylyň içinde Türkiýede öte baý adamlaryň sany 93,5% artyp, 2174-den 4208 adama ýetdi. Bu barada Knight Frank kompaniýasynyň «The Wealth Report 2026» hasabatyna salgylanýan Ekonomim neşiri habar......

01.04.2026 19:33
5.7k+

«Galatasaraý» tutuş Türkiýe boýunça kafe ulgamyny açmagy meýilleşdirýär

«Galatasaraý» futbol kluby täze girdeji çeşmesini — «GS Store Cafe» brendi bilen kafeler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama françaýzing modeli boýunça ösdüriler we Türkiýäniň ähli çäklerini öz......

24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...