Şu gün Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler

  • 24.05.2024 11:46
  • 5.8k+

Şu gün, 24-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Mejlisiň gün tertibiniň taslamasyna 12 sany mesele girizildi. Ilki Geňeşiň agzalary Arkalaşygyň çäklerinde ileri tutulýan ykdysady gatnaşyklar babatda dar düzümde pikir alşarlar diýip, GDA-nyň internet-portalynda habar berilýär.
Giňişleýin düzümdäki gepleşiklerde Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalaryny, şeýle hem GDA agza döwletleriň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça hereketleriň Meýilnamasyny maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. 
Mundan başga-da, mejlisiň jemleri boýunça saglygy goraýyş, himiýa senagaty, zyýanly galyndylar bilen işlemek we intellektual eýeçilik ulgamynda hukuk bozulmalara garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamalary kabul etmek meýilleşdirilýär.
Gün tertipdäki meseleleriň ýene-de bir - Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň kabul edilmegi.


şu gün 11:41
513

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
515

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......