Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkezi «2024-nji ýylyň iň gowy merkezi» diýlip ykrar edildi

  • 24.05.2024 10:01
  • 4.7k+

Koreýa Respublikasynyň Milli maglumat jemgyýeti guramasy (MMG) Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezinde işleýän Maglumat elýeterliligi merkezini (MEM) geçen ýylda geçiren işleriniň netijeleri boýunça, dünýäniň 56 ýurdunda hereket edýän şunuň ýaly merkezleriň arasynda «2024-nji ýylyň iň gowy merkezi» diýip ykrar etdi.

Bu merkez Koreýa Respublikasynyň Ylym, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň MMG-si bilen hyzmatdaşlykda döredildi. «Best IAC Center Award 2024» (Iň gowy MEM merkezi-2024) baýragynyň Türkmenistanyň maglumat elýeterliligi merkezine gowşurylmagy ýurdumyzda sanlylaşdyrmagy we giň gerimli bilimi ösdürmek, koreý dilini öwrenmek, şeýle hem türkmen halkyny Koreýa Respublikasynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak boýunça amala aşyran köptaraply işine berlen ýokary bahadyr.

MMG-niň Aşgabat Maglumat elýeterliligi merkezine iberen haty bu ajaýyp üstünlik bilen gutlagy we 2024-nji ýyldaky maglumat elýeterliligi merkeziniň (MEM) dolandyryjy okuw meýilnamasyna gatnaşmaga çakylygy özünde jemleýär. Bu maksatnama merkeziň işi, Koreýa has belet bolmak, maglumatlar we emeli akyl mümkinçiliklerini berkitmek, şeýle hem Koreýanyň öňdebaryjy IKT infrastrukturasyna baryp görmegi ýeňilleşdirmek üçin zerur zatlary hödürlemegi maksat edinýär.

Şu ýylyň 27-nji maý – 8-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynyň Milli Maglumat jemgyýetiniň guramasynyň Seulda geçiriljek okuwyna dokuz ýurduň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkeziniň işgärleri Amanbibi Hudaýgulyýewa we Suraý Amandurdyýewa dagy-da gatnaşar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......