«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlaýar

  • 24.05.2024 07:47
  • 3.2k+

Şu gün Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlaýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

"Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän ähli çäreler häzirki döwürde aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezer.
Häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek ugrunda giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň baş şäheri ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagy mundan beýläk-de möhüm ähmiýete eýe bolar" diýlip Gutlagda aýdylýar.
Sergi 
24-25-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler. Onuň guramaçylary bolup, Aşgabat şäher häkimligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde çykyş edýär.
Serginiň iş wagty:
24-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
25-nji maýda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.
Telefon belgileri:
39-88-70;
39-88-84-(83)-(82).


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......