“Atalanta” Ýewropa ligasynyň finalynda Lukmanyň het-trigi bilen “Baýerden” üstün çykdy

  • 23.05.2024 12:25
  • 8.2k+

Bergamonyň “Atalantasy” Ýewropa ligasynyň finalynda taryhy ýeňşi gazandy, ol Lewerkuzeniň “Baýerini” 3:0 hasabynda utdy. Oýun Dublindäki (Irlandiýa) “Awiwa” stadionynda geçirildi.

Oýnuň gahrymany öz hasabyna üç gol ýazan nigeriýaly hüjümçi Ademola Lukman boldy.
Hüjümçi oýnuň eýýäm 12-nji minutynda hasaby açdy, soň 26-njy minutda “Atalantanyň” artykmaçlygyny iki gola ýetirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda, 76-njy minutda nigeriýaly hüjümçi üçünji goluny girizip, toparynyň uly ýeňşine nokat goýdy.
“Baýer” Lukmanyň gollaryna jogap berip bilmän, möwsümde ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Ýewropa ligasynyň finalyndan öň Habi Alonsonyň topary ýeňliş diýen zady bilmän, Germaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy we ýurduň Kubogynyň finalyna çykdy. Toparyň ýeňlişsiz tapgyry 52-nji oýunda tamamlandy.
Bu ýeňiş “Atalanta” üçin ýewrokubok taryhynda ilkinji boldy.
Lukmanyň het-trigi Ýewropa ligasynyň final taryhynda ikinji boldy diýip, Opta habar berýär. Ýaryşyň jemleýji oýnunda üç gol girizmegi başaran ilkinji oýunçy 1975-nji ýylda Niderlandlaryň “Twente” toparyna garşy oýunda Menhengladbah “Borussiýasynyň” düzüminden Ýupp Haýnkes boldy (1:5).


şu gün 08:32
1.5k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.1k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.1k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......