Türkmenistanyň DIM-de Latwiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 22.05.2024 11:36
  • 3.5k+

21-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Latwiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Reýnis Trokşanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegine garadylar. Halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.
Özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ykdysady we durmuş pudaklary görkezildi, hususan-da ikitaraplaýyn Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň, özara iş saparlaryny hem-de Medeniýet günlerini guramagyň, şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......