Türkmenistanyň DIM-inde GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

  • 22.05.2024 11:33
  • 3.8k+

21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, S.Lebedew 24-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriljek GDA-nyň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini maslahatlaşmak üçin ýurdumyza geldi.
Gepleşigiň dowamynda GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy beýan edildi. Hususan-da taraplar bilelikdäki çäreleriň tertibine, GDA-nyň çäklerinde şu ýylyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejelerde geçiriljek ýygnaklaryň gün tertibine seretdiler.
S.Lebedew Türkmenistanyň GDA-a işjeň gatnaşmagynyň agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň Arkalaşygyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny nygtady.


şu gün 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......