“Döwüp bilseň, döw”: iň ýönekeý parollar belli edildi

  • 22.05.2024 07:36
  • 12k+

Kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler 3,4 mln dört belgili PIN-kodlary seljerip, iň köp ýaýran we netijede, iň gowşak parollaryň sanawyny düzdüler.

“New York Post” neşiriniň belleýşi ýaly, antireýtingiň liderleri şular boldy: 1234; 1111; 0000; 1212; 7777; 1004; 2000; 4444; 2222; 6969.
Hünärmenler şeýle ýönekeý sazlaşmalaryň ulanylmagynyň kod döwüjileriň işini ep-esli aňsatlaşdyrýandygyny belleýärler.
Iň az ýaýran we netijede, has ygtybarly PIN-kodlar şular boldy: 8557; 8438; 9539; 7063; 6827; 0859; 6793; 0738; 6835; 8093.
Hünärmenler şahsy maglumatlary (doglan senesi, telefon belgisi, ýakynlaryň atlary), gaýtalanýan sanlary we ýönekeý yzygiderliligi ulanmakdan gaça durmagy maslahat berýärler. Iň gowusy, çylşyrymly PIN-kodlary döretmek we saklamak üçin parollar menejerini ulanmakdyr.

düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......