Aşgabadyň kinoteatrlary we Sirki dynç günlerini gyzykly geçirmäge çagyrýar

  • 21.05.2024 15:57
  • 14k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gyzykly sirk çykyşyny taýýarlaýar. Ol 26-njy maýda geçirilip, 18:00-da başlar.


Çykyş programmasy dünýä belli “Galkynyş” toparynyň ahalteke atlary bilen çylşyrymly akrobatiki çykyşlaryny, ak kepderilerň, howa gimnastikaçylarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň, “arwana” düýeleriniň, hindi maýmynlarynyň, pudelleriň, Burçella afrikan zebralarynyň we düýeguşlaryň, fokusçylaryň, oýunbazlaryň, “Ýedigen” tans toparynyň gatnaşyjylarynyň, darbazlaryň, žonglýorlaryň we beýlekileriň gatnaşmagyndaky çykyşlary öz içine alýar.
Petekleri Sirkiň kassasynda satyn alyp bilersiňiz. Kassanyň iş wagty: sişenbe gününden ýekşenbe güni aralygynda, 10:00 – 18:00.
Telefon belgileri: 36-10-95; 36-10-34.


Mundan başga-da, 21-nji maýdan 26-njy maý aralygynda kino we animasiýa söýüjileri islendik görnüşdäki filmlere tomaşa etmek üçin “Aşgabat” kinoteatryna we “Türkmenistan” kinokonsert merkezine baryp bilerler. Tomaşaçylara hem täze filmler, hem eýýäm köpleriň göwnünden turan kinolar garaşýar.

“Aşgabat” kinoteatry
Sişenbe güni (21.05)

  • - 15:00 – “2+1” (2016)
  • - 17:00 – “Gyrada” (На краю, 2022)
  • - 19:00 – “Galaktikanyň sakçylary. Bölüm 3” (Стражи Галактики. Часть 3, 2023)

Çarşenbe güni (22.05)

  • - 15:00 – “Gul. Bölüm 1” (Холоп. Часть 1, 2019)
  • - 17:00 – “Diň” (Вышка, 2022)
  • - 19:00 – “Transformerler: Haýwan-robotlaryň aýaga galmagy” (Трансформеры: Восхождение Звероботов, 2023);

Penşenbe güni (23.05)

  • - 15:00 – “Gul. Bölüm 2” (Холоп. Часть 2, 2023)
  • - 17:00 – “Hanym Möý” (Мадам Паутина, 2024)
  • - 19:00 – “Ogul” (Сын, 2022)

Anna güni (24.05)

  • - 15:00 – “Arzuwyň güýji” (Сила мечты, 2023)
  • - 17:00 – “Şeýtan” (Шайтан, 2024)
  • - 19:00 – “Super gelin” (Супер невестка, 2008)

Şenbe güni (25.05)

  • - 11:00 – “Gaplaňyň şägirdi” multfilmi (Ученик тигра, 2024)
  • - 13:00 – “Nindzýa pyşbagalary: Mutantlaryň ýeňlişi” multfilmi (Черепашки-ниндзя: Погром мутантов, 2023)
  • - 15:00 – “Binýat” (2022)
  • - 17:00 – “Agşamky mekdep” (Вечерняя школа, 2018)
  • - 19:00 – “Godzilla we Kong: Täze imperiýa” (Годзилла и Конг: Новая империя, 2024)

Ýekşenbe güni

  • - 11:00 – “Aždarhany nähili eldekileşdirmeli 3” multfilmi (Как приручить дракона 3, 2019)
  • - “10 ömür” multfilmi (10 жизней, 2024)
  • - 15:00 – “Gözel Bahar barada erteki”( Сказка о красавице Весне, 2024)
  • - 17:00 – “SuperKoplar: “Ene” missiýasy” (СуперКопы Миссия Бабушка, 2023)
  • - 19:00 – “Adamlar näme diýer” (Что скажут люди, 2017)

“Türkmenistan” kinokonsert merkezi


Anna güni (24.05)

  • - 19:00 – “Wehim kerebi” (2023)

Ýekşenbe güni (26.05)

  • - 17:00 – “Enkanto” multfilmi (Энканто, 2021)
  • - 19:00 – “Godzilla we Kong: Täze imperiýa” (2024).


düýn 22:10
1k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
1.4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
6.3k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
651

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......