Düýbünden täze Hyundai Santa Fe-niň çykmagyna garaşylýar

  • 20.05.2024 13:24
  • 7.5k+

Hyundai kompaniýasy Hytaý bazarynda peýda boljak täze Hyundai Santa Fe-niň ilkinji suratlaryny hödürledi. Krossoweriň ilkinji gezek resmi görkezilişi 30-njy awgustda Çendu awtoulag sergisinde geçer diýip, IXBT ýazýar.

Täze Santa Fe, esasan, ABŞ we Ýewropa wersiýalaryna meňzeş bolar, ýöne birnäçe üýtgeşik aýratynlyklary alar. Awtoulagyň goşa 12,3 dýuýmlyk ekran, 6,6 dýuýmlyk howa-gözegçilik paneli, simsiz zarýad beriş, atmosferany yşyklandyryş ulgamy, köp wezipeli rul we premium ses ulgamy bilen gelmegine garaşylýar.
Täze Santa Fe-nyň ölçegleri 2815 mm teker bazasynda 4830x1900x1770 mm bolar. Krossoweriň kapotynyň aşagynda 8 tizlikli awtomat transmissiýasy bilen jübütlenen 2,0 litrlik turbo görnüşli hereketlendiriji bolar.
Santa Fe-niň hytaý görnüşi baradaky jikme-jiklikler tanyşdyrylyş dabarasyna has ýakyn wagtda açylar.


şu gün 11:17
359

Hyundai ulaglarynyň salonlarynda antibakterial yşyklandyryş peýda bolar

Hyundai wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin niýetlenen salonyň ultramelewşe yşyklandyryş ulgamynyň synaglaryny tamamlady. Kompaniýa täze tehnologiýany ýolagçy orunlary köp bolan awtoulaglarda,......

düýn 11:32
2.7k+

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....

düýn 06:54
2.5k+

Hyundai islegiň peselmegi sebäpli iň soňky uniwersal modelini çykarmagy bes eder

Hyundai kompaniýasy i30 Wagon uniwersalynyň önümçiligini bes etmek barada netijä geldi. Ol markanyň bu kuzow görnüşindäki iň soňky modelidi. Bu çözgüt barada Hyundai Motor Europe kompaniýasynyň prezidenti we......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......