«Mançester Siti» dördünji gezek Angliýanyň Premýer ligasynyň çempiony boldy

  • 19.05.2024 23:29
  • 8.2k+

«Mançester Siti» Angliýanyň Premýer ligasynyň jemleýji tapgyrynda "West Hemi" 3:1 hasabynda utup, yzygider dördünji gezek çempionlyk titulyny eýeledi.

Bu duşuşykda gazanan ýeňşi bilen "Siti" 91 utuk toplady we ýaryşy ikinji ýerde barýan "Arsenaldan" iki utuk öňde tamamlady. Hosep Gwardiolanyň şägirtleri taryhynda onunjy we soňky ýedi ýylda altynjy çempionlygyny gazandylar.
Bu baýrak Gwardiola üçin "Mançester Sitide" 2016-njy ýyldan bäri 17-nji baýrakdyr. 25-nji maýda "Siti" 18-nji baýragy üçin, ýagny Angliýanyň Kubogyny almak ugrunda finalda "Mançester Ýunaýted" bilen duşuşar.

APL-de "Mançester Sitiden" başga-da Çempionlar ligasyna «Arsenal», «Liwerpul» we «Aston Willa» çykdy.
«Tottenhem» Ýewropa ligasynda, «Çelsi» bolsa Konferensiýalar ligasynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder.
Jedwelde soňky üç orny eýelän «Luton Taun», «Bernli» we «Şeffild Ýunaýted» Çempionşipe düşdüler.


düýn 18:20
2.7k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.1k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......