3-nji iýunda planetalaryň ýörişi bolar: 6 planeta bir hatara düzüler

  • 19.05.2024 21:56
  • 16k+

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Ýeriň ýaşaýjylary “Planetalaryň ýörişi” diýlip atlandyrylýan ajaýyp astronomiki hadysanyň şaýady bolarlar. Şol gün Gün ulgamynyň alty planetasy: Merkuriý, Ýupiter, Uran, Mars, Neptun we Saturn asmanda bir hatara düzüler diýip, Starwalk.space-e salgylanýan RBK habar berýär.

Bu Ýer togalagynyň dürli künjeklerinden syn edip boljak uly deňleşme bolar. Ýupiteri, Merkurini, Marsy we Saturny adaty göz bilenem görüp bolar. Şeýle-de, dürbüsi ýa-da teleskopy bar adamlar Urany we Neptuny hem görüp bilerler.
Kosmiki hadysany görmek üçin wagty dogry saýlamaly: ýerleşýän ýeriňizde daňyň haçan atýandygyny bilmeli we şondan azyndan bir sagat öň synlamaga başlamaly. Siziň duran ýeriňizden planetalaryň deňleşmesiniň nähili we haçan görünjekdigini barlamak üçin Starwalk Space portaly Sky Tonight programmasyny ulanmagy maslahat berýär.
Günüň bir tarapynda birnäçe planetanyň biri-birine golaý hatara düzülme  hadysasyna astronomiýada “planetalaryň deňleşmesi” diýilýär. Emma NASA öz neşirlerinde “planetalaryň ýörişi” diýen adalgany ulanýar.
Kiçijik planetalaryň ýörişleri ýygy-ýygydan bolýar. Munda köplenç üç ýa-da dört asman jisimi hatary düzülýär. Bäş ýa-da ondan köp planetanyň “gatnaşýan” ýörişleri  seýrek hasaplanýar.
Geljek ýylyň ahyryna çenli  jemi bäş ýörişiň bolmagyna garaşylýar: 2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda we 28-nji awgustynda, şeýle hem 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda, 28-nji fewralynda we 29-njy awgustynda.
Esasanam, 2025-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky hadysa has tapawutlanar, Gün ulgamynyň beýleki ýedi planetasynyň hemmesi bir hatara düzüler. Emma bu hadysany has gowy synlamak üçin teleskop gerek bolar.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...