Tomas Tuhel möwsümiň ahyrynda “Bawariýadan” gidýär

  • 19.05.2024 13:46
  • 8.6k+

Germaniýaly Tomas Tuhel metbugat konferensiýasynda möwsümiň ahyrynda Mýunheniň “Bawariýasynyň” baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Ilkibaşda Tuheliň “Bawariýa” bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenipdi. Fewral aýynda klubuň ýolbaşçylygy tälimçi bilen 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyndan hyzmatdaşlygy ýatyrmak barada ylalaşylandygyny mälim etdi. Soň KHBS-de Tuheliň häzirki wezipesinde galyp biljekdigi barada habarlar peýda boldy.

“Bu meniň Zebener Ştrassede soňky metbugat konferensiýamdyr. Biziň fewral aýyndaky ylalaşygymyz güýjünde. Ýakynda ony gaýtadan maslahatlaşdyk, ýöne ylalaşyga gelip bilmedik” – diýip, “Bawariýanyň” X sosial ulgamyndaky sahypasy Tuheliň sözlerini getirýär.

Tuhel “Bawariýa” 2023-nji ýylyň mart aýynda ýolbaşçy boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2022/23-möwsüminiň jemi boýunça Germaniýanyň çempiony boldy. Häzirki möwsümde “Bawariýa” 2012-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Bundesliganyň çempiony bolup bilmedi.


şu gün 08:32
1.9k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.3k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.2k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......