Usik britaniýaly Fýurini ýeňip, agyr agramda absolýut dünýä çempiony boldy

  • 19.05.2024 10:54
  • 15k+

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik agyr agramda absolýut dünýä çempiony tituly üçin söweşde britaniýaly Taýson Fýurini ýeňdi.

 

Söweş 18-nji maýda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Ring of Fire boks ýaryşynyň esasy söweşi boldy. Söweşden öň Fýuri WBC-niň çempion titulyna eýedi. Usik bolsa WBA, IBF, WBO we IBO-nyň çempion guşaklaryny saklaýardy. 
Söweş 12 raund dowam etdi we Aleksandr Usigiň emin agzalarynyň tapawutly karary netijesinde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Belläp geçsek, dokuzynjy raundda Usik Fýurini nokdauna gidirdi, ýöne britaniýaly boksçy söweşi dowam etdirmegi başardy.
Şeýlelikde, Usik XXI asyrda agyr agramda ilkinji absolýut çempion boldy. Ol 22 söweşde 22 ýeňiş gazandy.
Fýuri karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda 34 ýeňiş we bir deňme-deňlik bar.


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....