GTA 6 2025-nji ýylyň güýzünde çykar

  • 18.05.2024 23:51
  • 7.1k+

Rockstar Games-iň eýesi, Take-Two neşirýaty özüniň çärýek boýunça hasabatynda Grand Theft Auto 6-nyň çykjak senesini takyk - 2025-nji ýylyň güýzünde çykjakdygyny yglan etdi. Ondan öň 2025-nji ýylda çykaryljakdygy habar berlipdi, köpler bolsa onuň ýylyň başynda çykarylmagyna umyt baglaýardylar diýip, “Çempionat” portaly ýazýar.

Altynjy bölüm çykanda GTA 5 12 ýyllygyny bellär - ondan öňki 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda PS3-de we Xbox 360-da çykaryldy, soňra ol PS4-e we Xbox One-e (2014) portirlendi, soňra bolsa PK-a (2015) we ahyrynda PS5-e we Xbox Series-e (2022) iberildi. Bäşinji bölümiň satuwy indi 200 million nusgadan geçdi.
Rockstar GTA 5–den soň  diňe bir täze oýny - Red Dead Redemption 2-ni  çykarmagy başardy. Western 2018-nji ýylda çykdy we onuň häzirki wagtda satuwy 64 million nusgadan geçdi, ýöne ol hiç haçan PS5-e we Xbox Series-e portirlenmedi. 

düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......