Maradonanyň mirasdüşerleri kakasynyň “Altyn topunyň” auksiondan aýrylmagyny talap etdiler

  • 18.05.2024 18:59
  • 17k+

Argentinanyň meşhur futbolçysy Diego Maradonanyň gyzlary onuň 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ýeňiji bolanda alan “Altyn topuny” Pariždäki auksiondan aýyrmaklaryny talap edýär diýip, Associated Press habar berýär.

Oýunçynyň mirasdüşerleri bu sylagyň onlarça ýyl ozal Neapoldaky bankdan ogurlanandygyny tassyklaýarlar. Birnäçe ýyldan bäri ol ýitirilen hasaplanyp gelýärdi.
Futbolçynyň gyzlary baýragy yzyna almak üçin kazyýete ýüz tutmakçy bolýarlar.
“Altyn topuň” Aguttes auksion öýüne çykarylandygyny ýatladýarys, lotuň başlangyç bahasy aýan edilmedi.
Maradona 2020-nji ýylda 60 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......