Hytaýyň elýeter bahaly gumanoid roboty çüýşe açýar, hoz döwýär we tost çöregini taýynlaýar

  • 18.05.2024 18:57
  • 6.9k+

Hytaýyň Unitree kompaniýasy öý we ofis üçin elýeterli hem-de uniwersal kömekçi bolup durýan täze G1 robot-gumanoidini hödürledi diýip, New Atlas neşiri ýazýar.

Robotyň 43 dereje erkinligi bar (ýagny, bogunlary 43 dürli aýlanyp bilýär), bu onuň täsin çeýedigini görkezmek bilen, dürli wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Kellesinde ekrany, birnäçe 3D LiDAR datçigi we çuňluk kamerasy bar.
Neşir edilen wideoda Unitree G1 içi gazlandyrylan suwly aýna çüýşäni açýar (beýlebir seresap bolmasa-da), hoz döwýär, tabakdaky tosty howada zyňyp, beýlesine öwürýär. Robot transportirowka üçin özbaşdak eplenip ýygnalýar.
G1 sekiz ýadroly prosessor, Wi-Fi 6 we Bluetooth 5,2 modullary we 2 sagada çenli özbaşdak işlemegi üpjün edýän 9000 mAh batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr. Agramy 35 kg bolan robot güýçli zarbalara çydap bilýär - wideoýazgyda kompaniýanyň boks ellikli işgäri robotyň döşüne birnäçe gezek urýar.
Unitree G1-iň bahasy 16 000 dollar, bu ony bazardaky beýleki gumanoid robotlara garanyňda has elýeterli edýär.
Deňeşdirmek üçin, bäş aý mundan ozal hödürlenen ilkinji Unitree H1 gumanoid-robotyň bahasy 90 müň dollar.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.6k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......