Türkiýede öz işini açmak isleýän daşary ýurtly raýatlar üçin gollanma çap edildi

  • 18.05.2024 18:03
  • 11k+

Türkiýäniň Söwda ministrligi ýurtda öz işini açmak isleýän daşary ýurt raýatlary üçin gollanma çap etdi.

Gollanmada kompaniýalaryň görnüşleri, kärhanalary döretmegiň tapgyrlary, zerur resminamalar we söwda kompaniýalarynda rewiziň aýratynlyklary barada maglumat saklanýar. Gollanma alty dilde - türk, iňlis, rus, ispan, hytaý we arap dillerinde elýeterli.
Bu gollanma daşary ýurt raýatlaryň işewürligini resmileşdirmek prosesini ýeňilleşdirmäge we Türkiýäni maýa goýumlar üçin has özüne çekiji etmäge niýetlenendir.
Gollanma bilen Türkiýäniň Söwda ministrliginiň saýtynda şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


31.01.2026 02:46
2.3k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

28.01.2026 13:31
1.8k+

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar...

25.05.2024 09:17
6.2k+

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly türk işewürleri bilen duşuşdy

24-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly M.Öwezow Türki Dünýäsiniň işewürleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Stambuldaky diplomatik wekilhanasynda...

24.05.2024 14:12
2.8k+

X sosial ulgamy Türkiýede wekilhanasyny açdy

X (öň Twitter) sosial ulgamy Türkiýäniň häkimiýetleriniň birnäçe gezek talap etmegi netijesinde respublikada öz wekilhanasyny açdy. Bu barada transport ministri Abdulkadir Uraloglu habar berdi diýip, TASS ýazýar...