“Ýuwentus” baş tälimçi Allegrini mahsus däl hereketleri üçin işden çykardy

  • 18.05.2024 16:04
  • 12k+

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby baş tälimçi Massimiliano Allegrini işden çykardy. Bu barada turinlileriň resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Çarşenbe güni “Ýuwentus” Italiýanyň Kubogynyň finalynda “Atalantany” 1:0 hasabynda utup, 15 gezek kubok eýesi boldy. Hünärmen oýnuň ikinji ýarymyna goşulan bäşinji minutda oýundan çetleşdirildi. Oýundan soň Allegri özüni gaharly alyp baryp, klubuň ýolbaşçylary bilen batly äheňde gürleşdi, soňra “Tuttosportyň” žurnalistini kemsitdi.

“Onuň işden çykarylmagy Italiýanyň Kubogynyň finaly wagtynda we ondan soň özüni alyp barşy bilen baglanyşyklydyr, klub onuň bu hereketini “Ýuwentusyň” gymmatlyklaryna laýyk gelmeýär diýip hasaplady” – diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar.

Häzirki möwsümde “Ýuwentusyň” milli çempionatda iki oýny galdy – “Bolonýa” (20-nji maý) we “Monsa” garşy (26-njy maý). Klub ýaryş jedwelinde dördünji orny eýeleýär, onuň hasabynda 67 utuk bar.
Allegri 56 ýaşynda, ol “Ýuwentusda” 2021-nji ýyldan bäri işleýärdi, mundan öň 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda topara ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda klub bäş gezek Italiýanyň çempionatynda we Kubogynda ýeňiji boldy, iki gezek ýurduň Super kubogyny gazandy we ýene iki gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. 2010-njy ýyldan 2014-nji ýyl aralygynda Allegri “Milana” ýolbaşçylyk edip, topary Italiýanyň çempionatynda we Super kubogynda ýeňşe getirdi.


şu gün 09:54
756

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
13k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......