Berlindäki hanym Týusso muzeýinde Kilian Mbappeniň mumdan heýkeli peýda bolar

  • 18.05.2024 17:21
  • 13k+

Parižde fransiýaly futbolçy Kilian Mbappeniň mumdan ýasalan heýkeliniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisiniň özi-de maşgalasy bilen bilelikde gatnaşdy diýip, Sports.ru habar berýär.

Milli ýygyndynyň formasy geýdirilen Mbappeniň heýkeli hanym Týusso muzeýiniň Berlindäki şahamçasynyň eksponaty bolar.
Futbolçy öz mumdan ekiztaýyny göreninde: “Ol maňa däl-de, Kiliana has meňzeýär!” – diýip, degişdi.
Mbappeniň heýkelini döretmek üçin heýkeltaraşlar oýunçynyň daşky keşbini, ýüzüniň hem bedeniniň gurluşyny dört sagatlap surata düşürdiler. Has realistik obrazy döretmek üçin ussatlar türgeniň ýüzüniň we bedeniniň gurluşyny öwrendiler.
Ýakyn wagtda Kilian Mbappeniň mumdan heýkeli Berline äkidiler we ol ýerde beýleki ýyldyzlaryň arasynda öz ornuny eýelär. 


19.06.2026 19:56
6.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....