Türkmenistanda Döwlet ýer kadastryny sanlylaşdyrmak boýunça işler dowam edýär

  • 18.05.2024 02:54
  • 7.9k+

Türkmenistanda Döwlet ýer kadastryny sanly ulgamyň kömegi bilen alyp barmak boýunça degişli çäreler görülýär. Munuň özi ýer serişdeleriniň rejeli we netijeli peýdalanylyşyna, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Bu işleriň alnyp barlyşy barada wise-premýer T.Atahallyýew 17-nji maýda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlar binýadyny alyp barmak boýunça ýörite programma üpjünçiligi taýýarlanyldy. Ýurdumyzda bugdaý ekilen meýdanlaryň möçberleri, olaryň ýerleşýän ýerleri hem-de kärendeçiler we peýdalanyjylar baradaky maglumatlar bu programma üpjünçiligine doly girizildi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ekilýän gowaça, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri baradaky degişli maglumatlary bu programma üpjünçiligine girizmek, şeýle hem ony has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, Döwlet ýer kadastryny sanly ulgamyň kömegi bilen alyp barmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......