Awgust aýynda Astrahanda Hazar mediaforumy geçiriler

  • 17.05.2024 23:01
  • 2.5k+

Dokuzynjy Hazar mediaforumy 16-njy awgustda Astrahanda geçirilip, mediahünärmenler we medeniýet söýüjileri üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. Bu barada “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” forumynda Astrahan sebitiniň medeniýet ministri Olga Prokofýewa aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Forumyň mowzugy “Medeniýetleriň dialogy Hazar sebitiniň ösüşiniň binýady hökmünde” bolar. Forum diňe bir media pudagyndaky häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolman, eýsem myhmanlara gyzykly “Hazar möwsümleri” medeni festiwalyny sowgat eder. Festiwalyň çäklerinde Astrahan kremliniň taryhy sahnasynda açyk asmanyň astynda opera görkeziler, oňa dünýä sahnasynyň ýyldyzlary gatnaşar.
Şeýle-de, Hazarýaka döwletleriniň simfoniki orkestriniň (düzüminde Russiýadan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan we Türkmenistandan sazandalar bar) ýerine ýetirmeginde saz ýaňlanar, ýaşlar simfoniki orkestri bolsa täze programmany hödürlär.
Mundan başga-da, Hazarýaka ýurtlaryndan okamaga we kitaplara bolan gyzyklanmany artdyrmak maksady bilen Dostlukly edebiýat merkezi açylar.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......