Google smartfon kamerasynyň üsti bilen işleýän Project Astra kömekçisini hödürledi

  • 17.05.2024 23:10
  • 3.4k+

Google I/O konferensiýasynda Google DeepMind tarapyndan işlenip düzülen innowasion emeli aň kömekçisi Project Astra hödürlendi. Ol ulanyjy bilen hakyky wagtda aragatnaşyk saklamak üçin smartfon kamerasyny ulanýar we giň mümkinçilikler toplumyny hödürleýär. Işläp düzüjiler ol geljekde adamlaryň gündelik durmuşynda zerur kömekçä öwrüler diýip hasaplaýarlar.

Güýçli multimodal Google Gemini modeline esaslanýan Project Astra diňe bir wizual maglumatlary seljermek bilen çäklenmän, eýsem ulanyjy bilen söhbetdeş bolmagy başarýar. Konferensiýada programma birnäçe haýran galdyryjy funksiýalary görkezdi:

  • Obýektleri tanamak: Astra smartfon kamerasy bilen görlen aýdym-saz kolonkasyny tanamagy we hatda onuň ulanyjy tarapyndan görkezilen aýratyn detalynyň adyny aýtmagy başardy.
  • Kontekste düşünmek: Astra penjireden panorama arkaly şäheri tanady we onuň gözel ýerleri barada gürrüň berdi.

Google DeepMind-yň baş müdiri Demis Hassabisiň aýtmagyna görä, Project Astra gündelik durmuşda aýrylmaz kömekçi bolar. Ol geljekde diňe bir smartfonlarda däl, eýsem “akylly” äýneklerde-de elýeterli bolar.
Project Astra-nyň resmi reliziniň senesi heniz yglan edilmedi.


22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
926

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.5k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...