Wladimir Putin RF-iň hökümetiniň täze düzümini tassyklady

  • 15.05.2024 23:15
  • 18k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hökümet agzalaryny we gulluk müdirlerini bellemek baradaky permanlara gol çekdi. Bu barada Kremliň saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, Russiýanyň lideri güýç blogunyň ministrlerini we DIM-iň başlygyny tassyklady. Goranmak ministri Andreý Belousow boldy. Edaranyň öňki başlygy Sergeý Şoýgu RF-iň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellendi. Içeri işler ministrliginiň we Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň ýolbaşçylarynyň wezipelerini, degişlilikde, Wladimir Kolokolsew we Aleksandr Kurenkow saklady.
Sergeý Lawrow DIM-iň başlygy wezipesine gaýtadan bellendi, Konstantin Çuýçenko bolsa Adalat ministrliginiň ýolbaşçysy bolup galdy.
Ilkinji gezek ministr orunlaryny Anton Alihanow (senagat we söwda ministri), Mihail Degtýarew (sport ministri), Oksana Lut (oba hojalygy ministri), Roman Starowoýt (ulag ministri) we Sergeý Siwilew (energetika ministri) eýeledi.
Täze wise-premýerler öňki oba hojalygy ministri Dmitriý Patruşew, şeýle-de öňki ulag ministri Witaliý Sawelýew boldy.
Mundan başga-da, Wladimir Putin Prezident administrasiýasynyň ýolbaşçylygyna bellemek barada permanlara gol çekdi. Howpsuzlyk geňeşiniň öňki sekretary Nikolaý Patruşew we Tula welaýatynyň öňki gubernatory Alekseý Dýumin ilkinji gezek döwlet Baştutanynyň kömekçileri boldular.
RF-iň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow öz wezipesinde işini dowam etdirer. 


09.04.2026 19:49
8.5k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

13.02.2026 15:31
4.9k+

Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi...

30.01.2026 18:11
1.5k+

Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy...

30.01.2026 18:06
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin bilen duşuşygy boldy. Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady...