Aşgabatda Olimpiýa suw-sport toplumynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

  • 14.05.2024 13:03
  • 9.7k+

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň binasynda döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna düýpli abatlamak işleri ýerine ýetiriler. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýän, Türkmenistanyň çäginde bellenen tertipde hasaba alnan ýerli hususy kärhanalara, döwlete degişli gurluşyk edara-kärhanalaryna we daşary ýurt kompaniýalaryna degişli resminamalaryň bukjasyny almak üçin bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmak teklip edilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine resmi hat üsti bilen ýüz tutmaly hem-de degişli möçberde töleg geçirmeli. Şondan soňra, bäsleşige degişli resminamalary alyp bolýar.
Gatnaşyjylaryň bäsleşik teklipleriniň bukjalary Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda 2024-nji ýylyň 25-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 54-nji jaýy.
Telefon belgileri: 39-98-15; 39-98-51.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......