Ýygna-da, diňläber: LEGO işleýän retro radioly toplum çykarar

  • 14.05.2024 12:05
  • 4.6k+

LEGO retro stilinde işleýän radioly täze toplumy bildiriş etdi. Toplum 906 bölekden ybarat bolup, ulular üçin niýetlenendir diýip, daniýaly kompaniýanyň resmi web sahypasyna salgylanýan Mail.ru habar berýär.

LEGO Icons seriýasyna goşulan täze önüm 1-nji iýunda satuwa çykarylar. 80-nji ýyllaryň stilindäki radiopriýomnik taryhda yz galdyran dürli simwoliki zatlary: Eýfel diňini, SLS raketasyny, “Titanik” gämisini we hatda PAC-MAN oýun awtomatyny öz içine alýan seriýa goşular.
Täze toplumda antenna we iki dinamik bolar we tumblerleri we dolandyryjylary ulanyp, ýygylygy sazlap bolýar, hatda AM we FM diapazonlarynyň arasynda ondan-oňa geçip bolýar. Şeýle-de bolsa, hemme zat beýle bir ýönekeý hem däl: hakyky radio tolkunlaryň ýerine radiopriýomnik öňünden göz öňüne tutulan sazlary we ýaýlymlary goýberýär.
Emma halaýan aýdymlaryňyzy diňlemek üçin ony smartfona birikdirip bolýar - toplumda munuň üçin radionyň arka tarapynda ýörite bölüm bar.
Konstruktoryň bahasy 100 dollar.

şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
4k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......