Apple “akylly gysdyrgyjy” patentledi: gajetde gulaklygyň we smartfonyň aýratynlyklary bar

  • 14.05.2024 11:59
  • 4k+

Apple “ugrukdyrylan sesli dakylýan enjam” - gulaklyklara (nauşniklere) alternatiwa bolup biljek we smartfonlaryň köp aýratynlyklaryny özünde saklaýan kindiwanja gysdyrgyç üçin patent aldy diýip, Mail.ru ýazýar.

Gajet eşiklere dakylýar we dinamikler, mikrofonlar hem-de prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol ses kömekçisi bilen habarlaşmaga, jaň etmäge, sesleri ýazga almaga, ses belliklerini etmäge (leksiýalary konspekt etmän bilersiňiz), şeýle hem "akylly öýe" gözegçilik etmäge mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.
Patente görä, akylly gysdyrgyjyň eýesi başgalara oňaýsyzlyk döretmezden, aýdym diňläp biler. Enjam sesleri diňe ulanyjynyň gulagyna gönükdirýän ýörite dinamik bilen enjamlaşdyrylandyr, beýlekilere hiç zat eşidilmez.
Enjamyň bazara haçan çykaryljakdygy entek yglan edilmedi. Apple-iň, köplenç, köpçülikleýin önümçilige girizilmeýän işläp taýýarlamalary patentleýändigini bellemelidiris.
Ozal kupertinoly kompaniýanyň uly göwrümli tanyşdyryş dabarasyny geçirendigini, onda M4 çipli täze iPad Pro-ny, M2 çipli iPad Air, täzelenen Apple Pencil Pro stilusyny we Magic Keyboard klawiatura-daşlygy hödürländigini ýatladýarys.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...