Hytaý SkyNet-i işe girizýär. Ol Ýeriň islendik ýerinde internete girmäge niýetlenendir

  • 12.05.2024 20:18
  • 10k+

Hytaý dünýäniň islendik ýerinde ýokary tizlikli internete girmek üçin döredilen ägirt uly internet hemralarynyň ulgamy bolan SkyNet-iň gurluşygyna başlady. Şu maksat bilen 9-njy maýda ilkinji Zhihui Tianwang-01 (Smart SkyNet-01) synag emeli hemrasy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçan kosmodromyndan üstünlikli uçuryldy diýip, scmp.com. habar berýär.

SkyNet tory Hytaýyň Aerokosmos ylmy-tehnologiýa korporasiýasy (CASC) tarapyndan işlenip düzülýär we onuň “bütin dünýäde görünmeýän zolaksyz şahsylaşdyrylan giň zolakly tor hyzmatlaryny” hödürlemegine garaşylýar.
Orbita jemi 16 ýa-da 32 SkyNet hemrasyny çykarmak meýilleşdirilýär, olar 20 müň km belentlikde ýerleşip, SpaceX-iň Starlink hemralarynyň orbitasyndan 40 esse ýokarda ýerleşer. Bu has giň gurşawy üpjün eder, ýöne signalyň gijigip gelmegine getirer, emma geçiriş ukybyna kän bir täsir etmez.
SkyNet beýleki iki aragatnaşyk hemra ulgamy bilen bilelikde işlär: GuoWang we G60 Starlink. Olaryň her biri pes Ýer orbitasyndaky 12 000 hemradan ybarat bolar. Deňeşdirmek üçin Starlink, esasanam bäsdeşlik ýoklugy sebäpli,  220 Mbit/s tizlikli 6000 hemra ulanyp, kosmosdan internet hyzmatyny üpjün edýär. CASC infrastrukturasyny çalt giňeltmegi we 2025-nji ýyla çenli 500 Gbit/s tizlige ýetmegi meýilleşdirýär.
Hytaýyň ýüz tanamak arkaly raýatlary yzarlaýyş ulgamyna hem SkyNet diýilýär, ýöne häzirki wagtda Ýer we kosmos ulgamlarynyň arasyndaky baglanyşyk belli däl.


12.05.2026 07:19
16k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.6k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......