“Google Habarlarda” “GIF selfi” - gysga selfi wideolar peýda bolar

  • 12.05.2024 09:14
  • 4k+

“Google Habarlar” programmasy ulanyjylara gysga, yzygiderli wideo habarlaryny ibermäge mümkinçilik berýän “GIF Selfi” aýratynlygy peýda bolar diýip, Android Authority habar berýär.

Täze aýratynlyk smartfonyň öň ýa-da esasy kamerasynda ýazgy edilen üç sekuntlyk wideodyr. “GIF selfini” döretmek üçin çaty açmaly, habarlar panelinde kameranyň nyşanyna barmagyňy degirmeli we saklamaly, soňra bolsa wideony ýazgy etmeli.
Tamamlanan “GIF selfi” enjamyň galereýasynda awtomatiki usulda saklanýar we redaktirläp bolmaýar.
Täze aýratynlyk häzirki wagtda diňe “Google Habarlaryň” beta wersiýasynda elýeterlidir, ýöne ýakyn wagtda ähli ulanyjylara elýeterli bolmagyna garaşylýar. “GIF selfiniň” 14-nji maýda başlanjak Google I/O 2024 konferensiýasynda hödürlenmegi mümkin.


düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....