“Formula-1-iň” girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 45% artdy

  • 11.05.2024 11:49
  • 4.4k+

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde “Formula-1-iň” girdejisi, takmynan, 553 mln dollara barabar boldy we bu geçen ýylky görkezijiden 45% ýokarydyr diýip, RaceFans habar berýär. Muny championat.com ýetirýär. Şeýlelikde, toparlar üçin umumy tölegler hem 45%, 130 mln dollardan 163 mln dollara çenli ýokarlandy.

Girdejileriň artmagynyň esasy sebäbi “Formula-1-iň” şu möwsümde geçen möwsümdäkiden bir ýaryş artyk geçirmegi bilen baglanyşyklydyr. Çempionat mart aýynda däl-de, fewral aýynda başlady. Şeýle-de, “Formula-1-iň” girdejisi mediakompaniýalar bilen ýaryşlary görkezmek barada täze şertnamalaryň baglaşylmagy esasynda artdy.
Çempionatyň operasion girdejisi 94 mln dollar boldy, bu 2023-nji ýyldakydan 15 mln dollar köpdür. Beýleki işlerden gazanylan girdeji 66 mln dollardan 95 mln dollara çenli artdy we bu, esasan, täze “Formula-2” bolidiniň satuwy bilen baglanyşyklydyr. 


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......