Artistleriň çykyşy, dronlaryň şüweleňi... Magtymgulynyň heýkeliniň açylyşyna taýýarlyk görülýär 

  • 11.05.2024 00:53
  • 16k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada habar berildi. Çäräniň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň  we sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny,  şeýle hem ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini  hem-de baýramçylyk feýerwergini guramak göz öňünde tutulýar.
Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyna hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň,  TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň wekilleriniň,   şeýle hem ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji maýda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, wise-premýere  dabarany hem-de halkara çärelerini ýokary derejede guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......