Serdar Berdimuhamedow galla oragyny guramaçylykly geçirmek hakynda karara gol çekdi

  • 10.05.2024 23:24
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» karara gol çekdi diýip, "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Degişli resminama döwlet Baştutany 10-njy maýda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew degişli kararyň taslamasy barada hasabat berdi we döwlet Baştutanyna onuň taslamasyny hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.
Wise-premýer T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlaryň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......