Hyundai awtoulaglarynyň käbir aýratynlyklaryny tölegli edip biler

  • 10.05.2024 13:15
  • 6k+

Hyundai awtoulaglarynyň käbir aýratynlyklaryny abuna tölegli etmegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, gürrüň oturgyçlary gyzdyryjylar ýaly opsiýalar hakda barýar diýip, IXBT habar berýär.

Hyundai Connected Mobility bölüminiň başlygy Markus Welsiň sözlerine görä, bu “awtoulagy has şahsylaşdyrmaga” mümkinçilik döreder.
Wels kompaniýanyň diňe bir awtoulag satmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki zaman sarp edijileriniň isleglerini kanagatlandyrýan täze hyzmatlary hödürlemäge çalyşýandygyny aýtdy. Mundan öň şuňa meňzeş abuna modelini BMW eýýäm durmuşa ornaşdyrypdy we dessine ulanyjylaryň tankydy seslenmelerine duçar bolupdy.
Hyundai özüniň Bluelink ulgamy üçin abuna ýazylmagyň birnäçe derejesini hödürlemegi meýilleşdirýär. Ulgam häzirki wagtda eýelerine kabinanyň temperaturasyny öňünden sazlamak, gapyny gulplamak we hemra nawigasiýasy ýaly, ulagyň käbir aýratynlyklaryny uzakdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Hyundai indi awtoulagyň eýelerine ilkinji on ýylda kartalar we onlaýn-mümkinçilikler ýaly, esasy aýratynlyklary öz içine alýan mugt Lite paketini hödürlemekçi. Uzak aralykdan dolandyrylýan aýratynlyklara we maglumat esasly giňeldilen hyzmatlara girmek üçin tölegli Plus (aýda 2,99 ýewro) we Pro (9,99 ýewro) paketlere ýazylmaly bolar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....