“Ýewrowideniýe – 2024-iň” finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy

  • 10.05.2024 12:01
  • 4k+

Penşenbe güni, 9-njy maýda Şwesiýanyň Malmýo şäherinde “Ýewrowideniýe – 2024” aýdym-saz bäsleşiginiň ikinji ýarym finaly geçirildi. Şenbe güni, 11-nji maýda boljak grand-finala geçmek hukugy ugrunda 16 gatnaşyjy ýurduň wekilleri bäsleşdi we şolardan diňe 10-usy bu mümkinçiligi aldy.

Şeýlelikde, tomaşaçylaryň öz söýgüli aýdymçylaryna ses bermegi esasynda Latwiýa, Awstriýa, Niderlandlar, Norwegiýa, Ysraýyl, Gresiýa, Estoniýa, Şweýsariýa, Gruziýa, Ermenistan bäsleşigiň finalyna çykdy. Malta, Albaniýa, Belgiýa, San-Marino, Daniýa we Çehiýa bolsa bäsleşigi terk etmeli boldy.
Ýeri gelende bellesek, ýarym finallaryň netijeleri diňe tomaşaçylaryň ses bermegi esasynda kesgitlenýär, ýagny emin agzalarynyň bahalary hasaba alynmaýar. Şeýle tejribe geçen ýyl girizildi.
Bäsleşigiň finaly 11-nji maýda geçirilip, 26 ýurduň wekilleri ýeňiş ugrunda bäsleşerler. 


17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

01.04.2026 11:20
1.8k+

«Ýewrowideniýe» Aziýada ilkinji aýdym-saz bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi

Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi «Ýewrowideniýe Aziýa» atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň döredilýändigini mälim etdi. Bäsleşigiň final tapgyryny 14-nji noýabrda Bangkokda geçirmek meýilleşdirilýär....