Meizu maý aýynda täze önümlerini hödürlemäge taýýarlanýar

  • 10.05.2024 12:48
  • 7.8k+

Fewral aýynda Meizu kompaniýasy doly derejede emeli aňa we emeli aňly gurluşlary işläp taýýarlamaga ünsi jemlemek üçin smartfon bazaryndan gidýändigini habar beripdi. Şondan soň tiz wagtdan kompaniýa Meizu 21 Pro smartfonuny çykardy.

Şu gün bolsa kompaniýa şu aý emeli aňa esaslanýan üç sany täze önümi hödürlemegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Gynansak-da, jikme-jik maglumat ýok.
Görnüşi ýaly, Meizu täze telefonuň üstünde işleýän bolmaly. Gurluş ýakynda Hytaýda M468Q belgisi bilen 3C şahadatnamasyndan geçdi. Ol 66 Wt kuwwatly çalt simli zarýad berşi goldaýar. Onuň Meizu 21 Note bolup biljekdigi barada gürrüňler bar.
Bu telefonuň Snapdragon 8 Gen 2 prosessory, 5500 mAs sygymly akkumulýator we metal orta çarçuwaly tekiz ekran bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Şundan ugur alsaň, kompaniýanyň smartfon bazaryndan gitmek pikiri ýok.

düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......