Kofeniň bahasy 1979-njy ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi

  • 09.05.2024 11:12
  • 7.4k+

Robusta kofesiniň bahasy ýetmezçilik sebäpli soňky 45 ýylda iň ýokary derejesine ýetdi. Bu Halkara kofe guramasynyň (ICO) hasabatyndan gelip çykýar diýip, RBK ýazýar.

ICO tarapyndan esasy bazarlardaky bahalaryň jeminden hasaplanýan lomaý baha görkezijisi aprel aýynda 16,8%, bir funt üçin 1,9365 dollara (bir kg üçin 4,27 dollara) çenli ýokarlanyp, 1979-njy ýyldan bäri iň ýokary görkeziji boldy.
Guramanyň hasabatynda robusta kofesini iň uly öndüriji bolan Wýetnamyň geçen we häzirki möwsümlerde hasylsyzlykdan soň kynçylyklara sezewar bolýandygy aýdylýar.
Bloomberg agentliginiň belleýşi ýaly, bu meseleler Wýetnamyň oba hojalyk sebitlerinde gurakçylyk we yssy howa sebäpli has güýçlenip biler. Sebitde suwaryş üçin suw ätiýaçlyklary azalýar. Wýetnamyň paýyna bolsa ereýän içgileri we espresso kofesini taýýarlamak üçin ulanylýan robusta däneleriniň global üpjünçiliginiň, takmynan, üçden biri düşýär.

şu gün 09:58
246

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

şu gün 09:24
457

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

düýn 14:43
8k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....