Apple täze önümleriniň tanyşdyrylyşyny geçirdi: iPad Pro, iPad Air, Apple Pencil Pro we beýlekiler

  • 08.05.2024 15:08
  • 3.3k+

7-nji maýda Apple kompaniýasy Let Loose tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, täzelenen iPad Air we iPad Pro planşetlerini, şeýle-de Apple Pencil Pro stilusyny we Magic Keyboard klawiaturasyny hödürledi.

 

iPad Air M2 planşeti:

  • - Iki diagonalda elýeterli: 11 ($599) we 13 ($799) dýuým;
  • - M2 çibi bolup, özünden öňkülerden 50% çalt;
  • - 128 GB ýat, ýöne 256, 512 GB we 1 TB modelleri-de bar;
  • - 12 Mp frontal kamera indi displeýiň uzyn tarapynda ýerleşýär;
  • - 12 Mp esasy kamera, kämilleşdirilen dinamikalar;
  • - Apple Pencil 2-ni, Magic Keyboard-y we täze Pencil Pro-ny goldaýar;
  • - Dört reňkde elýeterli, soň başga reňkleri hem goşmak meýilleşdirilýär.

 

 

iPad Pro M4 planşeti:

  • - M4 çipli ilkinji planşet bolup, iPad Air M2-den 50% çalt;
  • - 4 esse ýokary grafiki öndürijilik;
  • - 13 dýuýmlyk model – Apple-iň iň inçe gurluşy, onuň ýogynlygy bary-ýogy 5,1 mm.
  • - OLED displeýli ilkinji iPad bolup, Tandem OLED Display tehnologiýasy ulanyldy, ýagtylygy 1600 nite çenli;
  • - Apple Pencil Pro-ny goldaýar, Pencil 2 bilen gabat gelmeýär;
  • - Foto we resminamalary skanirlemek üçin kämilleşdirilen kamera;
  • - 11 dýuýmlyk iPad Pro 999 dollar, 13 dýuýmlyk – 1299 dollar.

 

 

Apple Pencil Pro stilusy:

  • - Gurallar menýusyna çalt girmek üçin täze gysyş datçigi;
  • - Obýektleri aýlamak üçin giroskop;
  • - Figuralary deňlemek üçin taktil wibrasiýa;
  • - “Lokator” programmasynyň üsti bilen galamy yzarlama;
  • - Pencil 2-den uly we akkumulýator sygymy ýokary;
  • - Magnit zarýad alyş;
  • - Bahasy – 129 dollar.

 

 

Magic Keyboard:

  • - Funksional klawiş hatary bilen täzelenen klawiatura;
  • - Ulaldylan trekpad we el üçin alýumin goýulýan ýer;
  • - 11 we 13 dýuýmlyk iPad Pro (diňe M4-li) üçin elýeterli;
  • - iPad Pro magnit arkaly birikme;
  • - 11 dýuýmlyk planşet üçin Magic Keyboard 299 dollar, 13 dýuýmlyk üçin 349 dollar.

Deslapky sargytlar 7-nji maýda açyldy, satuwlar 15-nji maýda başlar. Ýewropa ýurtlarynda gurluşlar has gymmat bolar.

 


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...