Jon Jons Aleks Pereýrany çagyrýar: «Bu söweş UFC-de iň uly waka bolar»

  • 07.05.2024 11:54
  • 12k+

Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons ýarym agyr agram derejesinde guşagyň eýesi Braziliýadan Aleks Pereýra bilen duşuşmak isleýär. Bu barada ol sosial sahypasynda mälim etdi diýip, "Çempionat" habar berýär.

«Stipe bilen duşuşykdan soň, Pereýra bilen tutluşyk meniň indiki ädip biljek iň uly ädimim bolar. Bu ganhor eýýäm ençeme çempiony ýeňdi we dünýäde millionlarça adam üçin taryhy söweşiji hasaplanylýar. Onuň bilen geçirjek söweşim UFC-niň geçirip biljek iň iri çäresi bolar diýip hasaplaýaryn», – diýip, Jons ýazdy.

Jons 29 sany professional söweşlerinde 27 gezek ýeňiş gazandy (10 sany nokaut), bir gezek ýeňildi. Pereýrada 10 ýeňiş we 2 ýeňliş bar.


07.06.2026 20:02
7k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......