Klawiaturasynyň kemçiligi sebäpli milliardlarça smartfon hakerlerden goragsyz galdy

  • 06.05.2024 15:05
  • 9.4k+

Citizen Lab-iň kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri meşhur Android klawiatura programmalarynda çynlakaý meseläni ýüze çykardylar. Gowşak goraglylyk  hüjümçilere düwmeleriň basylyşyny tutup ýetişmäge mümkinçilik berýär, parollar, habarlar we kredit kartoçkasynyň maglumatlary ýaly, gizlin maglumatlary bilmäge mümkinçilik alýar diýip, Gizmochin-ä salgylanýan Mail.ru ýazýar.

Bu mesele Tencent (QQ Pinyin), Baidu (IME), iFlytek (IME), Samsung (Android Keyboard), Xiaomi (Baidu, iFlytek we Sogou klawiaturalary) we beýleki brendler ýaly meşhur öndürijileriň programmalaryna degişlidir. Kemçiligi - klawiaturalaryň açar düwmelerini maglumatlary şifrlemezden geçirmegi.
Maglumatlary tutup almaga ukyply her bir adam adaty tekst habarlaryndan başlap, parollar we kredit kartoçkasynyň maglumatlary ýaly, gizlin maglumatlara çenli ulanyjynyň klawiaturada ýazýan zatlarynyň hemmesini okap biler. Çeşmäniň belleýşi ýaly, ele salnan maglumatlaryň göwrümi diýseň uly bolup biler.
Gözlegçiler bu gowşaklygyň diňe Huawei klawiatura programmasynda ýokdugyny anykladylar.
Öndürijileriň köpüsi meseläni düzeltmek üçin eýýäm täzelenmeleri çykardylar. Şeýle-de bolsa, Honor-yň QQ Pinyin programmasy we Tencent  henizem düzetmegiň ýollaryny gözlemegi dowam edýär .
Howpsuzlyk boýunça hünärmenleri Android-iň ulanyjylaryna enjamlaryny iň soňky wersiýa çenli täzelemegi, tassyklanmadyk çeşmelerden programmalary almazlygy we hasaplaryny goramak üçin ygtybarly parollary we iki faktorly tassyklamany ulanmagy maslahat berýärler.

düýn 10:51
796

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......