Ependi Kann festiwalyna gatnaşar: Molla Nasreddin baradaky film türki döwletleriň ählisinde düşüriler

  • 06.05.2024 11:36
  • 11k+

Alty sany türki döwletiň - Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň çäginde "Molla Nasreddin - agyr günlerde dost" atly çeper filmiň surata düşürmek işleri geçiriler.

Film bu ýurtlaryň bilelikdäki taslamasy bolar we umumytürki gymmatlyklaryna, däplerine we gahrymanlaryna bagyşlanar diýip, Türkmenistan habarlar portaly Report agentligine salgylanyp habar berýär.
Filmiň režisýory bolup, belli azerbaýjanly kinematograf Wagif Mustafaýew çykyş eder. Ýurtlaryň her birinde belli aktýorlar çykyş eder. Surata düşürmek işleri awgust aýynda başlanyp, şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanar.
Bellenilişi ýaly, TÜRKSOÝ tarapyndan prodýusserlik ediljek film, Kanndaky kino festiwalyna we beýleki abraýly halkara film görkezilişlerine hödürlener.
Türkmen jemgyýetinde Hoja Nasreddin "Ependi" ady bilen meşhurdyr. 2022-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň paýtagtynda geçirilen 17-nji mejlisinde kabul edilen karara laýyklykda, Türki dilli ýurtlarda meşhur bolan Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Belläp geçsek, Türkmenistan ýakynda Gündogaryň bu meşhur gahrymany barada öz filmini hem surata düşürdi. Onuň režisýory - Myrat Orazow boldy. Keşpleri Türkmenistanyň halk artistleri Çary Seýitliýew we Öwez Gelenow ýerine ýetirdi. Ependiniň keşbini Kemal Orazow janlandyrdy. "Türkmenfilm" birleşigi tarapyndan düşürilen "Ependi" filminiň şu ýylyň maý aýynda çykmagyna garaşylýar.


şu gün 00:03
2.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.6k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......