Özbegistan dünýä bazarynda altynyň satuwy boýunça öňdeligini saklap galdy

  • 06.05.2024 10:21
  • 9.7k+

Özbegistan dünýä bazarynda altynyň eksporty boýunça nobatdaky gezek lider boldy diýip, Daryo.uz ýazýar.

Altyn boýunça bütindünýä geňeşiniň (World Gold Council) habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda Özbegistan altynyň 11 tonnasyny dünýä bazaryna çykaryp, Tailanddan (10 tonna) we Iordaniýadan (4 tonna) öňe geçdi.
2023-nji ýylyň netijeleri boýunça Özbegistan gymmat bahaly metalyň arassa satuwy boýunça diňe Gazagystandan yza galdy. Özbek altynyny esasy satyn alyjy ýurt Hytaý boldy, ondan soňra Polşa we Singapur gelýär.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä, Özbegistanyň altyn-walýuta ätiýaçlyklarynyň möçberi 34,19 mlrd dollara ýetdi. Mart aýy boýunça bu görkeziji 1,99 milliard dollar artdy. Munuň özi ýylyň ilki iki aýynda gözegçilik edilen pese düşmäniň öwezini doldy.


18.06.2026 22:09
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

21.03.2026 08:25
5.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...