Alymlar: Adamzat çökgünliklerden we betbagtçylyklardan soň hasam güýçlenýär

  • 05.05.2024 22:55
  • 13k+

Halkara gözlegçiler topary yzygiderli çökgünlikleriň adamzadyň taryhynda paradoksal rol oýnap, ilatyň uzak möhletleýin ösüşine itergi berendigini anyklady  diýip, “Haýtek” neşiri ýazýar.

Gözlegler wulkanlaryň atylmagy, gurakçylyk we epidemiýa ýaly tebigy betbagtçylyklaryň, şeýle hem uruş ýa-da kolonializm ýaly adam tarapyndan döredilen wakalaryň käbir jemgyýetleri taplaýandygyny görkezýär.
Alymlar soňky 30 000 ýylda jemgyýetleriň ilat sanynyň azalandygyny görkezýän subutnamalary öz içine alýan bar bolan gözleglerden we maglumatlar bazalaryndan 40 000-den gowrak radiouglerod maglumatlaryny seljerdiler we deňeşdirdiler. Derňew Arktika zolagyndan tropiklere we ekwatorial zolaga çenli dürli sebitleri öz içine aldy.
Netijede, hünärmenler yzygiderli sarsgynlar adamlary uzak möhletleýin ösüş depginlerini saklamaga iterýär diýen netijä geldiler.
Bornmut uniwersitetinden gözlegiň awtorlarynyň biri Filip Riris: "Sarsgynlary başdan geçirmek ilaty geljekdäki çökgünliklere has çydamly edýär" diýip belleýär.
Şeýle hem gözleg ekerançylyk we maldarçylyk jemgyýetlerinde ýüze çykýan çökgünliklerde ilatyň azalmagynyň has çalt ýüze çykýandygyny, ýöne şeýle hem uzak möhletli durnuklylygy taplaýandygyny görkezdi.


şu gün 09:54
154

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......