Apple maliýe hasabatyny hödürledi. iPhone satuwy ep-esli pese gaçdy

  • 05.05.2024 22:37
  • 2.9k+

Apple kompaniýasy 2024-nji maliýe ýylynyň ikinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Girdeji 90,75 mlrd dollar, arassa girdeji 23,636 mlrd dollar boldy. Görkezijiler bazaryň çaklamalaryna gabat geldi diýip, ixbt.com habar berýär.

iPhone-dan girdeji 45,96 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäki 51,334 mlrd dollardan ep-esli azdyr. Hytaýda girdeji 16,372 mlrd dollar boldy we bu geçen ýylyň degişli döwründäki 17,812 mlrd dollardan 8% azdyr.
Görkezijileriň pes bolmagy Hytaý bazarynda iPhone satuwynyň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Counterpoint Research-yň maglumatlaryna görä, birinji çärýekde iPhone satuwy 19% pese gaçyp, Hytaý bazarynda üçünji orny eýeledi. Bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýaramaz çärýek görkezijisidir.
Hytaý bazary dikelmegini dowam edýär, umumy ösüş 1,5% boldy. Bu ýerde Honor we Xiaomi ýaly ýerli brendler öňdebaryjydyr. Huawei-niň satuwy tas 70% ýokarlandy we kompaniýa bazardaky ornuna gaýdyp gelýär.
Apple kompaniýasynyň baş müdiri Tim Kuk Hytaýyň dünýäde iň bäsdeşlikli bazardygyny we kompaniýanyň iPhone-yň bu bazarda uzak möhletleýin ösüşine umytly garaýandygyny hem bäsdeşlerden gorkmaýandygyny belledi.
Kukuň aýtmagyna görä, Hytaýda iň köp satylan smartfonlar iPhone 15 we iPhone 15 Pro Max boldy. Kuk kompaniýanyň generatiw emeli aňyň üstünde yhlasly zähmet çekýändigini sözüniň üstüne goşdy.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....