Xbox oýunlaryň tomusky tanyşdyrylyşyny yglan etdi. Täze Call of Duty-a garaşylýar

  • 05.05.2024 22:16
  • 5.1k+

Xbox 9-njy iýulda Aşgabat wagty bilen 22:00-da geçiriljek oýunlaryň tomusky tanyşdyrylyşyny yglan etdi. Geýmerler Xbox Game Studios, Activision, Blizzard we Bethesda-dan, şeýle hem Microsoft-yň beýleki hyzmatdaşlaryndan täze oýunlaryň görkezilmegine garaşyp bilerler diýip, championat.com habar berýär. 

Tanyşdyrylyşyň dowamlylygy we hödürlenjek oýunlaryň anyk sany häzirlikçe belli däl. Ýöne, oýun muşdaklary üçin ýakymly täzelik bar: esasy tanyşdyrylyşdan soň, täze Call of Duty: Black Ops Gulf War-a bagyşlanan aýratyn programma bolar.
Ýatlatsak, şu ýylyň mart aýynda  Call of Duty: Warzone mobil oýny görlüp-eşidilmedik üstünlik bilen ýaýrady. Çykanyndan birnäçe gün soň, ol döredijilerine 1,5 mln dollar getirdi.

düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......